Dubaýda Bulgari brendiniň ilkinji art-baýragynyň eýesi yglan edildi

  • 24.02.2022 08:02
  • 4.5k+

Eýran-amerikaly suratkeş Nima Nabawi ilkinji Bulgari Contemporary Art Award baýragynyň eýesi boldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy Dubaýdaky “EKSPO-2020-de” Italiýanyň milli pawilýonynda Emirligiň Medeniýet we sungat edarasynyň başlygy şeýh Latifa bint Muhammed Al Maktumyň gatnaşmagynda geçirildi. 

Nima Nabawi baýragy Rim bilen Dubaýyň arasyndaky dialogy has gowy düşündirendigi üçin aldy. Onuň “2021.12.22” atly geometrik, kaleýdoskopik kartinasy ýeňiş gazandy. Ýeňiji bir hepdelik Rime gidip, çeperçilik ussahanalary, dizaýn merkezleri bilen tanyşar, medeni we taryhy ýerlere baryp görer.

“Gözellik adamlary birleşdirýär” atly baýrak gowşurylyş dabarasy Dubaýyň Medeniýet we sungat edarasynyň baş direktory Hala Badriniň, Bulgari toparynyň ýerine ýetiriji müdiri Žan-Kristof Babeniň we Bulgari brendiniň ösüşi we mirasy üçin jogapkär Lýuçiýa Boskaininiň gatnaşmagynda geçirildi.

2021-nji ýylyň iýul aýynda döredilen Bulgari Contemporary Award baýragy Italiýanyň häzirkizaman suratkeşlerini goldamak ugrundaky tagallalaryny görkezýär. Onuň maksady BAE-de zehinli suratkeşleri goldamak we Rim bilen Dubaýyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin platforma döretmekden ybarat.

Baýragyň ýene bir wezipesi soňky on ýylda BAE-de çalt ösýän döwrebap sungatyň gazananlaryny ýaýbaňlandyrmakdyr. Birinji tapgyrda 17 iş saýlanyp alyndy.

Ýeňijiniň işinde italýan witražlary we Emirlikleriň adaty arhitektura elementleri göz öňünde tutulýar. Nima Nabawi 2016-njy ýylda geometrik sungat bilen meşgullanyp, introspektiw tehnikany öwrenip başlady. Baýragyň özi BAE-niň esasy nyşanlaryndan biri bolan Al Gaf agajyndan ýasaldy.


19.06.2026 08:15
2.1k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

06.06.2026 11:47
9.8k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
2k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....