Dominikan Respublikasynyň prezidenti Lius Abinader ýurtda koronawirus ýaýrawynyň öňüni almak maksady bilen girizilen ähli çäklendiriji çäreleri ýatyrmak kararyna geldi. Bu barada TASS-a salgylanyp, Day.Az habar berýär.
“Örtük dakynmak, dürli edaralara girmek üçin sanjym kartasyny görkezmek ýa-da köpçülik ýerlerindäki çäklendirmeler ýaly çäreler şu günden başlap her birimiziň şahsy jogapkärçiligimizdir. Uzak dowam eden göreşden soň biz erkinligimizi dikeldip başladyk. Biz ýagdaýa gözegçilik etmegi dowam etdireris. Ýurt häzirki wagtda biziň saglygy goraýyş ulgamymyzyň islendik duýdansyz ýagdaýlara taýýardygyna ynamly bolup biler” – diýip, döwlet baştutanynyň sözleri onuň administrasiýasynyň saýtynda getirilýär.
Abinader raýatlary koronawirusa garşy sanjym almaga we gaýtadan sanjym almak tapgyryndan hem geçmäge çagyrdy.
2020-nji ýylyň mart aýynda ýokanjyň öňüni almak üçin häkimiýetler respublikanyň ähli ýerinde komendant sagadyny girizdiler, howa gatnawlaryny ýapdylar we ýolagçylaryň portlarda düşlemegini gadagan etdiler. Soňrak halkara ýolagçy awiagatnawlarynyň we myhmanhanalaryň köpüsiniň açylandygy habar berildi. 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda komendant sagady ýatyryldy.