Russiýada Porsche Macan T çykarylar

  • 21.02.2022 14:08
  • 7.3k+

Porsche-niň Russiýadaky dilerleri model hatarynda Macan bilen Macan S-iň aralygynda ýerleşýän Macan T krossoweriniň “sport” görnüşine sargytlary kabul edip başladylar. 

Awtomobil 265 at güýjüni we 400 Nm güýç pursatyny berýän 2,0 litrlik turbo hereketlendirijisine eýe boldy. Hereketlendiriji iki sany Porsche Doppelkupplung (PDK) birleşdiriji we Porsche Traction Management (PTM) doly herekete getiriji ulgam bilen 7 basgançakly herekete geçiriji guty bilen işleýär. Rul çarhynda hereket režimlerine geçiriji we Sport Response düwmesi bar. Macan T 6,2 sekuntda tizligini sagatda 0-dan 100 km çenli artdyrýar, iň ýokary tizligi sagatda 232 km.

Daşky görnüşi boýunça Macan T beýleki Macan modellerinden Agate Grey Metallic reňkindäki elementleri bilen tapawutlanýar. Bu reňk bilen öňki bamperdäki urundylar, daşky aýnalar, gapdal gapy bezegleri, üçekdäki spoýler we kuzowyň yzky bölegindäki ýazgylar reňklendi. Gapylaryň gapdal bezeglerinde gara reňkde “Macan T” ýazgysy bar. Saýlamak üçin kuzowyň reňkiniň 13 görnüşi hödürlenýär.

Esasy wersiýa GT sport ruluna we öňki paneliň ýokarky böleginde Sport Chrono sekundomerine eýe boldy. Bosaga örtükleri gara reňkli alýuminden taýýarlanylyp, olarda Macan T ýazgysy bar. 

Şeýle-de, awtomobilde ýokary hilli aýna sensor ýüzli täze merkezi konsol hem-de 10,9 dýuým sensor displeýli we onlaýn-nawigasiýaly Porsche Communication Management (PCM) kommunikasion ulgamy oturdyldy. 


19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

29.05.2026 11:37
3k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......