Alymlar Ýerde suwuň nireden peýda bolandygyny anykladylar

  • 20.02.2022 19:24
  • 30k+

E.Lourens adyndaky Liwermor milli barlaghanasynyň derňewçiler topary Ýerde suwuň nähili ýüze çykandygyny düşündirdiler. Bu barada Phys.org ýazýar. 

Ýer-Aý ulgamy Gün ulgamynyň taryhynyň has irki tapgyrynda iki uly jisimiň çaknyşmagy netijesinde döräpdir. Ýeriň üstüniň, takmynan, 70%-iniň suw bilen örtülendigine garamazdan, planeta köp sanly beýleki kosmos obýektleri bilen deňeşdirilende gury ýerdir. 
Umumy kabul edilen pikire görä, Ýerde we Aýda uçýan maddalaryň (suw ýaly) ýetmezçiligi uçýan elementleriň ätiýaçlyklaryny ýok eden güýçli urgy bilen baglanyşyklydyr. Ýöne Aý topragynyň izotop seljermesi milliardlarça ýyl mundan ozal çaknyşyp, häzirki Ýeri we Aýy emele getiren kosmos obýektlerinde heniz urgudan öň uçýan elementleriň derejesiniň örän pes bolandygyny görkezdi.  
Ýer ýa-ha biziň häzir görýän we ulanýan suwumyz bilen döräpdir, ýa-da ony esasan, arassa suwdan ybarat bolan haýsydyr bir obýekt urupdyr diýip, alymlar hasaplaýar.  
Täze gözleg Ýerde suwuň ähtimal çeşmesi hökmünde meteoritleri ýa-da asteroidleri aradan aýyrýar we “planetanyň suw bilen dörändigi” baradaky pikiri öňe sürýär diýip, kosmohimik Greg Brenneka aýtdy.
Gözlegçiler suwuň Ýeriň emele geliş tapgyrynda bolandygyny, ýagny onuň kosmos obýektleri tarapyndan getirilmändigini çaklaýarlar. 


düýn 10:53
1.5k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
3.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....