Müsürde ägirt uly nebit ýatagy tapyldy

  • 20.02.2022 12:50
  • 6.4k+

Emirlikleriň Dragon Oil kompaniýasy Müsüriň çägindäki Sues aýlagynda, takmynan, 100 mln barrel gory bolan nebit ýatagyny tapdy. Bu barada Müsüriň Nebit ministrligi habar berdi diýip, Day.Az belleýär.

“Dragon Oil kompaniýasy tarapyndan ýüze çykarylan, takmynan, 100 mln barrel gory bolan ýatak işlenip başlanandan soň goşmaça ätiýaçlyklaryň bolmagyny hem göz öňünde tutýar” – diýip, edara metbugat relizinde habar berdi.  

Şeýle-de, munuň Sues aýlagynda soňky 20 ýylda iň uly tapyndydygy bellenilýär.


08.06.2026 19:01
4.2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...