Samsung Galaxy M33 5G çykarmak üçin tassyklandy

  • 20.02.2022 13:02
  • 8.9k+

Samsung Galaxy M33 5G-niň synagdan geçirilen wersiýasy SM-M336B_DS model belgisine eýe boldy. Bu ýerde DS iki SIM-kartasyny göterýändigini aňladýar diýip, ixbt.com belleýär.

Sertifikatlaşdyryjy edara Galaxy M33 5G-niň hiç hili häsiýetlerini açyp görkezenok, onuň diňe Bluetooth 5.1 birikmesini goldaýandygyny belleýär.
Ondan öň smartfon SM-M336BU model belgisi bilen Geekbench maglumatlar bazasynda peýda boldy. Meşhur bençmark gurluşyň täze Exynos 1200 bir kristally ulgam esasynda gurnaljakdygyny we 6 GB operatiw ýada eýe boljakdygyny nygtaýar. Operasion sistema hökmünde Android 12 çykyş eder.
Mundan başga-da, Samsung Galaxy M33 5G günorta koreýaly düzgünleşdiriji tarapyndan sertifikatlaşdyryldy. Ol täze önümiň 6000 mA/s sygymly akkumulýator batareýasy bilen üpjün ediljekdigini tassyklady.
Gurluşyň tanyşdyrylyş dabarasynyň ýakyn hepdelerde bolmagyna garaşylýar. 


11.04.2026 14:59
7.8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.2k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...