Raýatlaryň teklipçi toparlary 2 dalaşgäri Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürledi

  • 19.02.2022 09:11
  • 33k+

Häzirki wagtda Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary üçin dalaşgärleri hödürlemek işleri dowam edýär. Şonuň netijesinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgär hödürleýän raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan ýene-de 2 dalaşgär hödürlenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginiň 18-nji fewraldaky gijeki goýberilişinde habar berildi.

Habar berlişi ýaly, raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan Lebap welaýatynyň Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Perhat Begenjow hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlenildi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň  Demokratik partiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Agrar partiýa tarapyndan Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň dalaşgärligi bellige alyndy hem-de olara degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......