Serbiýanyň prezidenti Jonni Deppe medal gowşurdy

  • 19.02.2022 08:58
  • 7.2k+

Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç golliwud aktýory Jonni Deppe altyn medal gowşurdy. Bu baýrak jemgyýetçilik we medeni işlerde, hususan-da kino sungatynda we respublikany dünýä arenasynda tanatmakda bitiren hyzmatlary üçin berildi diýlip, Balkan Insight habar berýär.

Aktýor Serbiýa bilen baglanyşykly birnäçe kino taslamalaryna gatnaşdy, olaryň arasynda “Beýik” filmi üçin Belgradda surata düşürilen sahnalar, şeýle-de “Tupikler” serb multserialy bar.

Jonni Deppiň Serbiýanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin altyn medal bilen sylaglanjakdygy 12-nji fewralda belli boldy. Belgrada eden saparynyň çäginde aktýory prezident Aleksandr Wuçiç kabul etdi. Depp döwlet baştutanyna tupik guşy görnüşinde ýumşak oýunjak sowgat etdi.

Jonni Deppiň kinoda indiki keşbi režissýor Maýwenn le Beskonyň täze filminde fransuz patyşasy Lýudowik XV-iň keşbi bolar. Film 2022-nji ýylyň tomsunda surata düşürilip başlanar. Ol Parižiň dürli ýerlerinde, esasanam Wersal köşgünde surata düşüriler. Filmiň ady we sýužeti heniz gizlin saklanýar. 


24.09.2025 13:17
3.9k+

Serbiýada gladiatorlaryň söweşine gatnaşan aýynyň galyndylary tapyldy

Häzirki Serbiýanyň Wiminasium şäherindäki gadymy Rim amfiteatrynyň golaýynda ýaşy takmynan 1700 ýyllyk aýy kellesiniň bölekleri  tapyldy. Bu açyş aýylaryň gladiator söweşine gatnaşandygyny görkezýän ilkinji göni subutnamany berýär diýip, Live Science ýazýar...

17.11.2021 23:43
5.5k+

Serbiýanyň milli futbol ýygyndysy 1 mln ýewro baýragy çagalaryň bejergisine bagyşlady

Serbiýanyň milli futbol ýygyndysy Katarda geçiriljek 2022-nji ýylyň dünýä çempionatyna çykylandygy üçin alnan 1 mln ýewro möçberindäki pul baýragyny ýarawsyz çagalaryň bejergisine bagyşlamak kararyna geldi. Bu...

şu gün 15:05
1

Gaý Riçiniň «Kanundan daşary» atly täze filminiň çykyşy ýene-de yza süýşürildi

Režissýor Gaý Riçiniň «Kanundan daşary» («Вне закона») atly täze filminiň ekrana çykmaly wagty ýene-de bir gezek yza süýşürildi. Indi filmiň premýerasy aprel aýynda bolman, iýun aýyna meýilleşdirildi. Aslynda bu filmiň surata düşüriliş işleri eýýäm 2023-nji ýylda tamamlanypdy...

şu gün 14:43
109

Instagram baryp kazyýet işleriniň dowamynda ýetginjekleriň işjeňliginiň artandygyny hasaba alypdyr

Instagram kazyýet işleriniň dowamynda ýetginjekleriň arasyndaky işjeňligiň ösüşini ünsli yzarlap, olara ileri tutulýan auditoriýa hökmünde garapdyr. Häzirki wagtda dowam edýän kazyýet işleriniň çäginde mälim edilen täze resminamalar muňa şaýatlyk edýär...