Ýaş aýdymçylaryň 3-sine «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen at berildi

  • 17.02.2022 08:52
  • 34k+

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň «Türkmen äheňleri» estrada-simfoniki orkestriniň ýokary derejeli sazandasy Serdar Amangeldiýewiç Haýdarowa, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň çagalar we ýetginjekler bilen işleýän hünärmeni Aly Täçgulyýewiç Alyýewe, Mary welaýatynyň Mary şäher Bagşylar öýüniň akkompaniatory Azat Amanmuhammedowiç Oramadowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakyldy. Bu baradaky degişli Permana 16-njy fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.

Permanda bellenilişi ýaly, ady agzalan medeniýet işgärleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşan saldamly goşantlary üçin, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmeti üçin bu hormatly ada mynasyp görüldi.


düýn 10:55
5.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......