Çempionlar ligasy: «PSŽ» «Realy», «ManSiti» «Sportingi» ýeňdi

  • 16.02.2022 14:09
  • 12k+

UEFA Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň birinji duşuşygynda «Pari Sen-Žermen» fransuz kluby öz meýdançasynda 1:0 hasap bilen «Realdan» üstün çykdy.

Parižliler oýnuň tutuş dowamynda diýen ýaly artykmaçlykdan peýdalansalar-da, hasaby oýnuň goşmaça wagtynyň soňky dördünji minudynda açdylar. Madrid klubynyň derwezesine ýeke-täk goly Kilian Mbappe geçirdi. Mbappe ikinji ýarymyň başynda kluby üçin 11 metrlik jerime hem gazanyp berdi, emma Tibo Kurtua Messiniň urgusynyň hötdesinden gelmegi başardy.

Ugurdaş duşuşykda Angliýanyň «Mançester Siti» kluby Lissabonda ýeňillik bilen «Sportingden» üstün çykdy. Iňlis klubynyň futbolçylary duşuşygyň eýýäm birinji ýarymynda bäş sany jogapsyz goluň dördüsini geçirdiler.
Gollary Riýad Marez (7), Bernardu Silwa (17, 44), Filip Foden (32), Rahim Sterling (58) geçirdi.


18.06.2026 10:36
4.6k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

16.06.2026 10:04
6k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

13.06.2026 12:33
5.7k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
5k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....