Samsung ulanyjylary sosial ulgamlarda aýratyn funksiýalara eýe bolarlar

  • 15.02.2022 19:47
  • 6.9k+

Samsung Galaxy S22 seriýasynyň smartfonlarynyň kameralarynyň firma mümkinçiliklerini Instagram, TikTok we Snapchat programmalary göterer diýip, SamMobile portaly habar berýär.

Şeýlelikde, ulanyjylar “Gijeki režim”, “Portret wideosy”, “Super HDR” funksiýalaryny, şeýle-de ýokarda agzalan sosial ulgamlaryň programmalarynyň içinde üç esse ulaltma bilen goşmaça kamerany ulanyp bilerler. Bu ulanyjylara wagt tygşytlamaga mümkinçilik berer, sebäbi HDR-de surata düşürmek üçin “Kamera” programmasyny açmak hökman däl – diňe Instagram-da režimi işjeňleşdirmek ýeterlikdir.

Habar berlişi ýaly, Samsung beýleki programmalary işläp düzüjiler bilen ilkinji gezek hyzmatdaşlyk edenok. Mysal üçin, Galaxy S10 seriýasynda ulanyjylar kamera programmasyndan suratlary Instagram Stories-e gönüden-göni ýükläp bilýärdiler.


düýn 10:18
1.1k+

Samsung Apple-iňki ýaly 4:3 ekran formatly eplenýän "Wide Fold" telefonyny taýýarlaýar

Samsung Electronics kompaniýasy eplenýän smartfonlar ugruny ösdürmegini dowam etdirýär we täze modeli — Galaxy Wide Fold-y taýýarlaýar. ETNews neşiriniň habar bermegine görä, bu enjam ilkinji eplenýän iPhone-a jogap hökmünde taýýarlanyp, oňa meňzeş ölçeglere we ekran gatnaşygyna eýe bolmaly...

20.12.2025 19:19
2.2k+

Samsung Oura bilen patent dawasy sebäpli Galaxy Ring 2 akylly ýüzügini çykarmagy yza süýşürdi

Samsung kompaniýasy Galaxy Ring 2 akylly ýüzüginiň önümçiligini yza süýşürmek kararyna geldi. "Dealsite" neşiriniň habaryna görä, akylly ýüzük bazarynda liderleriň biri bolan "Oura" kompaniýasy bilen dowam edýän patent dawasy Samsung-da ikirjiňlenmeleriň döremegine sebäp boldy...

15.12.2025 08:41
1.6k+

"Çeýe" smartfon bazary ilkinji eplenýän iPhone çykandan soň 30%-lik ösüş görkezer

IDC portalynyň analitikleriniň çaklamasyna görä, eplenýän smartfonlar bazary geljek ýyl girdeji hasabynda ep-esli ösüşi — dessine 30%-i görkezer. Bu segmentiň esasy hereketlendirijileri ilkinji eplenýän Apple iPhone-nyň we ýaňy-ýakynda hödürlenen "Samsung Galaxy Z TriFold" modeliniň çykmagy bolar...

12.12.2025 14:54
2k+

Samsung Apple Liquid Glass stiliniň dizaýny bilen One UI 8.5-i ýaýradyp başlady

Samsung kompaniýasy One UI 8.5 operasion ulgam örtüginiň beta-wersiýasyny ýaýratmaga girişdi we ol öndürijiniň interfeýs bezegine täze çemeleşmesini görkezýär. 9to5Google portaly dizaýnyň käbir elementleriniň Apple Liquid Glass stilini ýada salýandygyny belleýär...