Türkmenistany 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy tassyklanyldy

  • 13.02.2022 19:57
  • 12k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, «Ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy» tassyklanyldy.

Bu resminama «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, 2022-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň köpugurly we durnukly ösüşini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, pudaklarda sanly ykdysadyýeti we döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek hem-de kiçi we orta telekeçiligiň ösüşine döwlet tarapyndan goldaw bermegi dowam etdirmek, ähli sebitlerde ykdysady kuwwaty artdyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek we täze iş orunlaryny döretmek, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Maksatnamanyň bellenen möhletlerde talaba laýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.


düýn 20:46
976

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

düýn 15:32
5.2k+

FT: Argentina 500 müň dollara «altyn pasport» berip başlar

Argentinanyň häkimiýetleri döwlete maýa goýumlaryny çekmek şerti bilen daşary ýurtlulara raýatlyk bermek maksatnamasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär....

28.06.2026 15:48
5.3k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......