Google Android 13-iň ilkinji wersiýasyny çykardy

  • 13.02.2022 10:21
  • 4.4k+

Smartfon öndürijileriniň köpüsi häzire çenli öz gurluşlaryny Android-iň ýörgünli wersiýasy – Android 12-ä çenli täzeläp ýetişmediler. Ýöne Google eýýäm ulgamyň indiki nesliniň – Andorid 13-iň ilkinji synag görnüşini çykaryp bildi diýip, ferra.ru belleýär.

Bu görnüş Developer Preview 1 diýlip atlandyrylýar we şunuň esasynda onuň ilkinji nobatda işläp düzüjiler üçin niýetlenendigi barada netije çykarmak bolar. Ony Pixel 6 Pro, Pixel 6, Pixel 5a 5G, Pixel 4a (5G), Pixel 4a, Pixel 4 XL, Pixel 4 smartfonlarynyň eýeleri ýükläp alyp bilýärler.
Häzirki wagtda Android 13-iň birnäçe täze gizlinlik, dili dolandyryş funksiýalaryna, şeýle-de täzelenen temalara eýe bolandygy bellidir. Mysal üçin, ulanyjylar ulgam bezegine baglylykda programmalar üçin dürli nyşanjyklary gurnap bilýärler. Öň bu diňe Google programmalary üçin elýeterlidi.
Ulgamyň açyk beta-synagy 2022-nji ýylyň maý aýyna meýilleşdirilýär. Onuň doly derejeli reliziniň güýzde bolmagyna garaşylýar.


11.06.2026 14:00
2.6k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....