Dubaýda iň uly almaz satuwa çykaryldy

  • 12.02.2022 09:35
  • 17k+

Dubaýyň almaz biržasy agramy 1086,10 karat bolan gymmat bahaly göwheriň satyn alynmagy üçin tender geçirýär. Bu daş Dubaýda häzire çenli satuwa çykarylanlaryň arasynda gymmat bahaly iň uly işlenilmedik  almazdyr. 

Ol Afrikanyň günorta böleginde tapyldy. Daşyň göwrümi dünýäniň dürli künjeginden hünärmenleri özüne çekdi. Olar satuwdan öň göwheri görmek üçin Dubaýa geldiler.

Kion International tarapyndan geçirilýän tender 21-nji fewrala meýilleşdirilen Dubaýyň almaz konferensiýasynyň öňüsyrasynda geçiriler. 2022-nji ýylda birža eýýäm 6 sany uly tender geçirdi, olarda jemi 300 mln ABŞ dollaryndan gowrak bahada almaz satyldy.

Ýatlap geçsek, Dubaýda 3-nji fewraldan 9-njy fewral aralygynda onlaýn söwdalar geçirildi we olarda 555,55 karat agramly dünýädäki iň uly gara göwher satuwa çykaryldy. Auksionyň guramaçysy bolup Sotheby's auksion öýi çykyş etdi.

"Enigma" atly gymmat bahaly daş 20 ýyldan gowrak wagt hususy kolleksiýada saklandy we açyk satuwa çykarylmady. Gara göwher karbonado hökmünde-de bellidir - onuň düzümindäki uglerod izotoplary we ýokary kislorod düzümi bu gymmatly daşyň başga planetadan gelip çykyşy baradaky teoriýalary gurmaga mümkinçilik berýär.

"Enigmany" gaýtadan işlemek üçin birnäçe ýyl sarp edildi, şondan soň daş 55 grana eýe boldy. 2004-nji ýylda tebigy gara göwher Şweýsariýanyň "Gýubelin" barlaghanasy we Amerikanyň Gemmalogiýa instituty tarapyndan dünýäde iň ulusy hökmünde hasaba alyndy - onuň agramy 555,55 karat, ýagny 111 gram töweregidir. 2006-njy ýylda ol dünýäde iň uly granlanan almaz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.


19.06.2026 08:15
2k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

06.06.2026 11:47
9.8k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
2k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....