BSGG: ýurtlaryň 90%-den gowragy pandemiýa sebäpli saglygy goraýyş ulgamynda bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýar

  • 12.02.2022 00:44
  • 9.8k+

Dünýä ýurtlarynyň 90%-den gowragy koronawirus pandemiýasy sebäpli saglygy goraýyş ulgamynda bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Gürrüň enäniň we çaganyň saglygyny goramak, onkologiýa kesellerinde kömek bermek, gyzzyrmany we gepatiti bejermek, immunlaşdyrma hyzmatlarynda işiň bozulmagy barada gidýär diýlip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hasabatynda aýdylýar.

“2021-nji ýylyň ahyrynda geçirilen gözleg ähli sebitlerde we dürli girdejili ýurtlarda saglygy goraýyş ulgamlarynyň koronawirus pandemiýasynyň çynlakaý täsirine sezewar bolýandygyny görkezdi” – diýip, BSGG-niň hünärmenleri belledi. Geçen ýylyň başynda geçirilen şeýle gözlegden soň ýagdaý sähelçe gowulaşdy ýa-da asla gowulaşmady.

Dokladyň awtorlary 129 ýurtdaky, territoriýadaky we sebitdäki ýagdaýy seljerdiler. Döwletleriň 90%-den gowragy esasy saglygy goraýyş ugurlarynda hyzmatlary hödürlemekde bökdençlikleriň dowam edýändigini habar berdi. Bu eneleriň, täze doglan çagalaryň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak, sagdyn iýmit, rak kesellerini, psihiki bozulmalary, AIW, gyzzyrmany, inçekeseli, gepatiti bejermek, garry adamlara ideg etmek bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de, BSGG immunlaşdyrma hyzmatyndaky näsazlyklar barada hem habar almagy dowam etdirýär.

Gözlege gatnaşan döwletleriň ýarysyndan gowragynda ilkinji lukmançylyk kömegini almakda kynçylyklaryň bardygy hasaba alyndy. Ýurtlaryň 36%-inde tiz kömek ulaglarynyň işinde, 32%-inde gije-gündizleýin hassahana ulgamynyň işinde, 23%-inde gyssagly hirurgiýa hyzmatlarynda kynçylyklar bar. BSGG koronawirus pandemiýasynyň saglygy goraýyş ulgamynda öňden bar bolan meseleleri hasam güýçlendirendigini we lukmançylyk hyzmatlaryna bolan “islegiň azalmagyna” getirendigini habar berdi.

Şeýle-de bolsa, gözlege laýyklykda ähli ýurtlarda häzirki kynçylyklaryň öňüni almak üçin strategiýalar işlenip düzülýär. Bu lukmançylyk işgärlerini taýýarlamak we telemedisinany ösdürmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek ýaly ugurlardyr. Döwletleriň ýarysynda saglygy goraýyş ulgamynda geljekki adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlanmagyň meýilnamalary bar, 70%-inde lukmançylyk üçin goşmaça maliýe serişdeleri bölünip berildi. 


düýn 11:31
3.2k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......