Windows 11-iň işini çaltlaşdyrýan sazlama mälim edildi

  • 10.02.2022 19:08
  • 3.7k+

Microsoft-yň öňki işgäri wijetleriň funksiýalarynyň öçürilmeginiň Windows 11-iň işini çaltlaşdyrjakdygyny gürrüň berdi. Bu barada Windows Latest neşiri habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

Microsoft-yň öňki inženeri Maýkl Nihausyň aýtmagyna görä, täze operasion sistema goşulan käbir sazlamalar sistemanyň öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin öçürilip bilner. Mysal hökmünde awtor Windows 11-iň wezipeler paneline birleşdirilen Teams programmasyny we wijetleri belledi.

Nihaus görkezilen elementleri köp ulanyjylar üçin hökmany däl diýip atlandyrdy we olary sazlamagy ýa-da öçürmegi maslahat berdi. Mysal üçin, Microsoft Teams öz işi üçin fon režiminde Microsoft Edge WebView 2 amalyny ulanýar, bu hem OS-yň çalt işleýşini peseldýär. WebView 2 amaly hem işe girizilýär we ulanyjy wijetleri açyp, olary görüşdirende Windows 11-iň işleýiş tizligine täsirini ýetirýär.

“Operasion sistemanyň öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin syçanjygyň sag düwmesi bilen wijet tagtasyna we Teams nyşanjygyna basyň we olary aýryň” – diýip, žurnalistler belleýärler. Materialda öndürijiligiň sähel ýokarlanjakdygyny, ýöne uzak wagtyň dowamynda munuň Windows-yň işleýşini çaltlaşdyrmaga kömek etjekdigi aýdylýar.


10.05.2022 17:10
14k+

Windows-da islendik bukjanyň reňkini nädip üýtgetmeli?

Düzgüne görä, Windows-da bukjalaryň ählisi diýen ýaly sary reňkdedir. Siz bukjany islendik reňkde goýup bilersiňiz, munuň üçin FolderPainter programmasyny ulanmak bolar. Ol mugt bolup, ony ulanmak hem aňsat we...

22.06.2026 14:18
6.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.3k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......