«Türkmennebite» 250 million manatdan gowrak maliýe serişdesi bölünip berildi

  • 09.02.2022 01:26
  • 7.5k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine 250 million manatdan gowrak maýa goýum serişdeleri bölünip berildi. Bu barada 8-nji fewralda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.

Ýeri gelende bellesek, türkmen Lideriniň degişli Kararlaryna laýyklykda, golaýda “Türkmengaz” döwlet konsernine jemi 159 million 530 müň 900 manat, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna bolsa 75 million manat möçberde maýa goýum serişdesi bölünip berildi.


08.06.2026 19:01
4.2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...