Täjirçilik maksatlary bilen henizem kitleri awlaýan az sanly ýurtlaryň biri bolan Islandiýa 2024-nji ýyldan bu işi bes etmegi meýilleşdirýändigini, sebäbi kit etine bolan islegiň azalýandygyny aýtdy.
Soňky üç ýylyň dowamynda bu döwletiň kit awlaýjylary ýurduň uly kwotalaryna garamazdan, Demirgazyk Atlantika çykmadylar diýen ýaly, olar bu döwürde bary-ýogy bir kit tutdular.
“2024-nji ýyldan soň kitleri awlamaga rugsat bermegiň möhletini uzaltmak üçin sebäp az. Bu işiň ykdysady taýdan peýdalydygyny görkezýän subutnamalar hem az” – diýip, balykçylyk ministri Swandis Swawarsdottir “Morgunbladid” gazetine beren interwýusynda aýtdy.
Islandiýa ýerli ýaşaýjylar tarapyndan islegiň ýoklugy üçin, kit etlerini Ýaponiýa eksport edýärdi. Ýöne Ýaponiýa hem 2019-njy ýylda kit tutmak işine täzeden başlansoň, indi Islandiýanyň önümlerine mätäçlik çekmeýär. Netijede, bu Islandiýanyň kit etlerine bolan islegiň birden azalmagyna getirdi.
Islandiýada awa gatnaşýan gaýyklaryň sany hem azalmagyny dowam etdirýär. 2019-2023-nji ýyllar üçin bölünip berlen kwotalar ýerli kit awlaýjylara ýylda 217 kiçi polosatik we 209 takgaz kit tutmaga mümkinçilik berýär. Ýöne soňky gezek islandiýalylar üçin doly kit awlamak möwsümi 2018-nji ýylda boldy. Şonda olar 146 takgaz kit we alty polosatik tutdular.
Islandiýa, Norwegiýa we Ýaponiýa haýwanlaryň hukuklaryny goraýjylar we daşky gurşawy goraýjylar tarapyndan tankyt edilýändigine garamazdan, kitleri täjirçilik maksatlary bilen awlamaga rugsat berýän ýeke-täk ýurtlardyr.
Soňky ýyllarda Islandiýada kitler ekosyýahatçylygyň ýyldyzlaryna öwrüldiler. COVID-19 pandemiýasynyň syýahatçylyk pudagyna zyýan ýetirmezinden öň, 2019-njy ýylda Islandiýanyň kenaryndaky Demirgazyk Atlantika suwuna 360 müňden gowrak syýahatçy kitlere syn etmek üçin ýygnanyşdy.