Islandiýada dünýäde iň uly atmosferany arassalaýyş zawody işe girizildi

  • 11.05.2024 18:32
  • 15k+

Islandiýada Ýeriň atmosferasyny hapalaýjy maddalardan arassalamak boýunça dünýäde iň uly zawod işläp başlady. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Mammoth atly fabrika atmosferadan kömürturşy gazyny göni tutýan ikinji täjirçilik desgasydyr. Ol Climeworks kompaniýasy tarapyndan guruldy we bu 2021-nji ýylda açylan birinji fabrikadan 10 esse uludyr.
Mammoth howadan kömürturşy gazyny sorup alyp, ony Ýeriň astyna goýberýär. Desga atmosferadan ýylda 36 000 tonna uglerody aýryp bilýär. Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-da şu ýylyň ahyrynda ýylda 500 000 tona aýryp biljek fabrikany işe girizmek meýilleşdirilýär.
Şeýle-de bolsa, käbir ekologlar şeýle desgalary netijesiz, gymmat hasaplap, olaryň diňe zyňyndylary azaltmak meselesinden ünsi sowýandyklaryny belleýärler. Climeworks takyk mukdary aýtmaýar, ýöne atmosferadan aýrylýan her tonna kömürturşy gazynyň 100 dollara däl-de, 1000 dollara golaýdygyny belleýär. Tehnologiýanyň köpçülikleýin we işjeň bolmagy üçin bolsa tonna üçin 100 dollar soňky görkeziji hasaplanýar. Kompaniýa bir tonna üçin 100 dollar maksadyna, takmynan, 2050-nji ýyla çenli ýetip biljekdigini aýdýar.
Şeýle-de belläp geçsek, alymlar global klimat maksatlaryna ýetmek üçin her ýyl atmosferadan 70 mln tonna kömürturşy gazyny aýyrmalydygyny belleýärler.


30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
7.1k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......

22.03.2026 12:19
5.5k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

21-nji martda Türkmenistanda Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän pursatlarynda ýurduň ekologiýa syýasatynyň rowaçlanýandygyny dabaralandyrýan ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Bu...