Islandiýa 2026-njy ýylda ÝB-e girmek barada referendum geçirmegi meýilleşdirýär

  • 24.02.2026 17:02
  • 1.6k+

Islandiýa Ýewropa Bileleşigine girmek baradaky referendumy öň çaklanylyşy ýaly 2027-nji ýylda däl-de, eýýäm 2026-njy ýylda geçirmegiň mümkinçiliklerine seredýär. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Politico neşiri habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, eýýäm awgust aýynda ÝB-de agzalyk baradaky gepleşikleri täzeden başlamak baradaky soragy orta atmak meýilleşdirilýär. Islandiýanyň parlamenti (Alting) referendumyň senesini ýakyn hepdeleriň dowamynda yglan eder diýlip garaşylýar. Eger raýatlar «razy» diýip ses berse, ýurt Ýewropanyň düzümine beýleki dalaşgär döwletlerden ir goşulyp biler diýip, Politico-nyň çeşmelerinden biri belledi.

Neşiriň ýazyşy ýaly, Islandiýanyň häkimiýetleri «geosyyasy sarsgynlar döwründe» bu işi çaltlaşdyrmak kararyna geldi.
Islandiýa ÝB-e girmek baradaky arzany maliýe çökgünliginiň ýitileşip, ýurduň üç sany iri banky bankrot bolan döwründe — 2009-njy ýylda beripdi. Emma 2013-nji ýylyň ahyrynda gepleşikler doňduryldy, sebäbi ýurduň ykdysadyýeti çalt dikelip başlapdy. 2015-nji ýylda Reýkýawik özüne dalaşgär hökmünde garamazlygy sorady.
Islandiýa Demirgazyk Atlantikada, Demirgazyk polýar tegeleginiň günortasynda strategik taýdan möhüm orny eýeleýär. Emma 401–402 müň töweregi ilaty (2026-njy ýylyň başyndaky maglumatlara görä) bolan bu ýurduň hususy goşuny ýok, howpsuzlyk meselelerinde ol NATO-da agzalygyna we ABŞ bilen baglaşylan ikitaraplaýyn şertnama bil baglaýar.


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

09.05.2026 15:30
2.5k+

Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmegi maksat edinýär

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Roksana Mynzatu Ýewropa Bileleşiginiň  taryhynda ilkinji gezek taýýarlanan ýörite strategiýa arkaly 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmek isleýändiklerini mälim......

09.04.2026 23:46
2.8k+

Mähri Bäşimowa ÝB-niň ilçisi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

8-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy....

09.04.2026 11:48
4k+

Eurostat ÝB ýurtlarynyň durmuş derejesiniň düýpli tapawutlanýandygyny görkezdi

2025-nji ýylyň maglumatlaryna görä, ÝB ýurtlarynyň arasynda ilat başyna düşýän girdeji we durmuş derejesi boýunça düýpli parhlanýar. Eurostat-yň barlagynda bahalaryň arasyndaky tapawutlar hem hasaba alyndy....