Ýelizaweta II indiki şa aýalynyň adyny aýtdy

  • 08.02.2022 16:20
  • 17k+

Ýelizaweta II indiki şa aýalynyň adyny resmi taýdan yglan etdi. Bu barada Bukingem köşgüniň britan tagtynda monarhyň 70 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan hatynda aýdylýar.

Ýelizaweta ogly şazada Çarlz tagta geçenden soň, onuň aýaly Kamillanyň şa aýaly-konsort boljakdygyny aýtdy. Şeýle-de, ol raýatlaryň geljekki şa aýalyna häzir Ýelizawetanyň özüne berilýän goldawy bermeklerine umyt bildirýär. 

Şazada Çarlz – Ýelizaweta II-niň ölüminden soň britan tagtyna geçjek uly ogly. Ondan başga-da, şa aýalynyň ýene üç çagasy bar: şa gyzy Anna, şazada Edward we şazada Endrýu. Britan tagty üçin ikinji orny Çarlzyň ogly şazada Uilýam eýeleýär. Onuň kiçi dogany şazada Garri 2020-nji ýylda şa maşgalasynyň uly agzasynyň borçlaryndan ýüz öwrüp, ABŞ-a göçdi.


16.05.2026 22:44
5.7k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.5k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
940

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......