Nadal Australian Open-iň finalynda Daniil Medwedewi utdy

  • 30.01.2022 23:59
  • 4k+

Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal möwsümdäki ilkinji Uly tuwulga ýaryşy bolan Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň finalynda russiýaly Daniil Medwedewi utdy. Bu barada TASS habar berýär.

Duşuşyk 2:6, 6:7 (5:7), 6:4, 6:4, 7:5 hasabynda tamamlandy. Medwedew turnirde ikinji belgide, Nadal altynjy belgide ýerleşdirildi. Birinji belgide ýerleşdirilen serbiýaly Nowak Jokowiç Awstraliýanyň antikowid düzgünlerini berjaý etmändigi sebäpli ýaryşa gatnaşmady. 
Nadal 21-nji kubogyny gazanyp, Uly tuwulga ýaryşlarynda ýeňiş sany boýunça rekordy täzeledi, Jokowiçiň we şweýsariýaly Rojer Federeriň hasabynda 20 ýeňiş bar.
Nadal 35 ýaşynda, ol Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde bäşinji orny eýeleýär, onuň hasabynda guramanyň howandarlygynda geçirilen ýaryşlarda 90 ýeňiş bar. Ispaniýaly türgen iki gezek Olimpiýa çempiony (2008-nji ýylda ýekelikde, 2016-njy ýylda – iki bolup), şeýle-de bäş gezek Dewis kubogynyň eýesidir.
Medwedew 25 ýaşynda bolup, dünýä reýtinginde ikinji orny eýeleýär. Onuň hasabynda guramanyň howandarlygynda 13 tituly bar, 2021-nji ýylda ol ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň ýeňijisi boldy.


08.06.2026 12:41
1.8k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.4k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....