Apple-iň gajetleriniň sany iki milliarda golaýlady

  • 30.01.2022 23:48
  • 2.8k+

Apple kompaniýasynyň işjeň gurluşlarynyň sany 1,8 mlrd birlige barabar boldy. Bu barada Appleinsider neşiri habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

Žurnalistler kompaniýanyň çärýek hasabatyna salgylanýarlar. Apple-iň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň başynda brendiň işjeň gurluşlarynyň sany iki milliarda golaýlap, takmynan, 1,8 mlrd birlik boldy. Işjeň gajetler diýlip, häzirki wagtda eýeleri tarapyndan ulanylýan enjamlara düşünilýär.

Kompaniýanyň hünärmenleri ep-esli ösüşi bellediler: 2021-nji ýylda kompaniýa 1,65 mlrd gajetiň – smartfonlaryň, planşetleriň, kompýuterleriň we beýleki enjamlaryň bardygyny hasaplady. Kompaniýanyň analitikleri ösüşiň esasy sebäbi hökmünde pandemiýa döwründe brendiň enjamlaryna bolan islegiň ýokarlanmagyny bellediler.

Analitikleriň hasaplamasy boýunça, 2019-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli Apple-iň ekosistemasyna, takmynan, 100 mln, 2020-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli 150 mln, 2022-nji ýyla çenli ýene-de 150 mln enjam goşuldy. Kompaniýanyň 2021-nji ýylyň oktýabr aýyndan dekabr aýy aralygynda çärýek girdejisi 123,9 mlrd dollar bolup, bu bir ýyl ozalkydan 11 göterim köpdür. Çärýekde iPhone satuwy 76,1 mlrd dollar girdeji getirdi.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...