«Türkmengaz» Hytaýyň «CNPC» kompaniýasy bilen goşmaça ylalaşyklary baglaşar

  • 29.01.2022 09:33
  • 7.4k+

Hökümetiň 28-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde wise-premýer Ş.Abdrahmanow türkmen Lideriniň garamagyna “Türkmengaz” döwlet konsernine enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek hem-de elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar bermek hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi.

Şu resminama we Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen HHR-iň «CNPC» kompaniýasynyň arasynda “Galkynyş” gaz käninde 16 guýyny himiýa önümleri bilen üpjün etmek we buraw erginlerini taýýarlamak, guýulary ulanmak boýunça tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek we bu guýulary degişli enjamlar bilen üpjün etmek babatda tölegiň şertlerini üýtgetmek boýunça şertnamalary baglaşmak meýilleşdirilýär. Bu şertnamanyň bahasy 372 273 969,95 hytaý ýuanyna barabardyr.

Şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserni bilen «CNPC» kompaniýasynyň arasynda düzümleýin enjamlary gurnamak we “Galkynyş”, “Garabil” we “Bagaja” känlerinde degişli hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmak göz öňünde tutulýar. Netijede, bu şertnamalaryň jemi bahasy 106 221 809,71 amerikan dollaryna barabar bolar. Türkmen Lideri degişli Karara gol çekip, maýa goýumlaryň ýurdumyzda alynýan çig mal serişdeleri bilen gaýtarylmalydygyny belledi.


düýn 15:16
4.5k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
4.8k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...