Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda energetika ulgamynda täze Şertnama baglaşyldy

  • 29.01.2022 09:13
  • 11k+

28-nji ýanwarda Owganystan ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Hyrat welaýatyndaky “Nur-ul-Jahad” podstansiýanyň kuwwatyny artdyrmak boýunça Türkmenistan bilen degişli Şertnama gol çekdi. Bu barada Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Kabulda geçirilen “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasynyň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekiliýetiniň agzalarynyň hem-de “Çalik Enerji” türk kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda dört günläp dowam eden gepleşikleriň jemleri boýunça “Nur-ul-Jahad” podstansiýasynyň kuwwatyny 110 kilowatdan 220 kilowata çenli artdyrmak boýunça Şertnama gol çekdiler.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekilçilikli topary Owganystanyň Kabul şäherinde elektrik energetikasy taslamalary boýunça gepleşikleri geçirdi. Gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi, “Nur-ul-Jahad” stansiýasy we beýleki elektrik taslamalarynyň hukuk we tehniki taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 16:02
911

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......