Türkmenistanda Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binasynyň düýbi tutuldy

  • 28.01.2022 09:32
  • 11k+

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binalar toplumynyň täze binasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutany bu ýerde ýurdumyzyň 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň binalar toplumy, onuň desgalarynyň ýerleşdirilişi we enjamlaşdyrylyşy barada giňişleýin maglumat berýän taslamalary bilen tanyşdy.

Görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýdyp we degişli düzedişleri girizip, türkmen Lideri desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagynyň, toplumyň desgalarynyň täzeçil usulda we sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmagynyň, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we bellenilen möhletde gurlup gutarylmagynyň möhüm talapdygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy gutyny binanyň düýbüne oklady we täze desgalar toplumynyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atdy. 


düýn 10:55
5.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......