Berdimuhamedow Merkezi serkerdeler öýünde geçirilen dabaraly maslahata gatnaşdy

  • 28.01.2022 09:34
  • 5.7k+

27-nji ýanwarda ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň has tapawutlanan serkerdelerine döwlet sylaglarynyň, harby derejeleriň gowşurylyş dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy her ýylyň 27-nji ýanwarynda mukaddes baýramyň — Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly bellenip geçilýändigini aýdyp, şu mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny hem-de işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek barada Permanlara gol çekendigini belledi.

Harby gullukçylar mynasyp bolan ýokary döwlet sylaglaryny we nobatdaky harby derejeleriň nyşanlaryny ýüzüne sylyp kabul etdiler hem-de mähriban Watanymyza, halkymyza we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ak ýürekden wepaly gulluk etjekdikleri baradaky harby kasamy ýerine ýetirdiler.


düýn 10:55
5.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......