Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk boýunça maslahat geçirdi

  • 28.01.2022 09:35
  • 9.5k+

27-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýakynda geçiriljek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada maglumatlary berdiler. Milli Geňeşiň Halk Maslahaty, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we degişli ministrlikler, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Türkmen Lideri geljek 30 ýyl üçin ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň çözgütlerini kabul etmegiň zerurdygyny nygtap, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, beýleki degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde utgaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.

Döwrüň talabyna görä, kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek hem-de geljekde Konstitusiýamyza hem üýtgetmeleri girizmek zerurdyr diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek boýunça Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi.


şu gün 08:13
606

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
615

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......