«Barselona» öňki prezidenti Bartomeu-nyň işini derňänden soň, prokuratura ýüz tutdy

  • 28.01.2022 00:46
  • 10k+

«Barselona» klubyň direktorlar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň netijeleri boýunça resmi beýanat bilen çykyş etdi. Klubyň ýolbaşçylygy öňki prezidenti Žozep Bartomeunyň işini öwrenmek üçin içerki derňew işlerini geçirdi. Belläp geçsek, Bartomeu wezipesinden aýrylandan soň, klub batmaň bär ýanyna bardy diýip, sports.ru habar berýär.

«Sişenbe güni, 1-nji fewralda öňki prezidentlik dolandyrylyşy döwründe klubyň işinde mümkin bolan düzgün bozulmalary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen jikme-jik derňewiň we maliýe auditiniň netijeleri çap ediler.

Derňewiň barşynda ýüze çykarylan deliller eýýäm Barselonanyň prokuraturasyna iberilen hasabata goşuldy» — diýlip, katalon klubynyň beýanatynda aýdylýar.

Žozep Bartomeu 2014-nji ýylyň ýanwaryndan 2020-nji ýylyň oktýabry aralygynda «Barselonanyň» prezidenti boldy. Ol parahorlukda, şeýle hem klubyň adyndan amala aşyrylýan geleşiklerden şahsy bähbidini aramaklykda aýyplanylýar.
Transfermarkt-yň maglumatlaryna görä, Bartomeunyň ýolbaşçylygynda katalonlylar täze oýunçylary almaga 1,2 mlrd ýewro sarp etdiler, şol bir wagtda transfer girdejileri 830 mln ýewro. Şolardan 222 mln-y klub braziliýaly hüjümçi Neýmary satandygy üçin gazandy.


18.06.2026 10:36
4.6k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

16.06.2026 10:04
6k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

12.06.2026 18:20
5k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

10.06.2026 19:10
7.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......