Günorta Koreýa koronawirusa garşy göreşmegiň täze ulgamyny girizdi

  • 26.01.2022 23:54
  • 11k+

Koreýa Respublikasynda koronawirus ýokanjyny anyklamak we bejermek üçin täze ulgam ulanylyp başlandy. Kesellere gözegçilik we öňüni alyş boýunça milli edaranyň habar bermegine görä, täze çäreleriň maksady ýurtda agdyklyk edýän koronawirusyň omikron-ştammynyň ýaýramagyny saklamakdan ybaratdyr. Bu barada TASS habar berýär.

Täze görkezmelere laýyklykda, ýokary töwekgelçilikli toparlardan bolan syrkawlar PZR-barlaglaryny, galan syrkawlar bolsa antigen üçin ekspress-barlaglary tabşyrarlar. Doly sanjym alan COVID-19 keselli hassalar üçin karantin möhleti 10-dan ýedi güne çenli azaldyldy.

Ilkibaşda täze ulgam ýurduň omikron-ştammyň iň köp ýaýran dört sebitinde – Çoll-Namdo welaýatynda, Kwanju şäherinde, Kýongido welaýatynyň Phýonthek we Anson şäherlerinde ulanylar. 29-njy ýanwardan ol ýurduň ähli ýerine ýaýrar.

Kesellere gözegçilik we öňüni alyş edarasynyň maglumatlaryna görä, 25-nji ýanwarda ýurtda koronawirus bilen kesellemegiň 13 012 täze hadysasy hasaba alyndy. Bu 2020-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Günorta Koreýada kowid bilen kesellän ilkinji hassa ýüze çykarylandan bäri iň ýokary görkezijidir. Geçen hepde bilen deňeşdirilende, ösüş üç esseden gowrak bolup, bu täze “omikron” ştammynyň ýaýramagy bilen baglanyşyklydyr. 


23.06.2026 14:40
2.6k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

18.06.2026 09:55
873

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

09.06.2026 12:22
2.7k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

27.05.2026 21:27
2.8k+

Günorta Koreýanyň paýnamalary 2026-njy ýylda 100% ýokarlandy we dotkom döwrüniň rekordlaryny täzeledi

Günorta Koreýanyň öňdebaryjy Kospi birža indeksi 2026-njy ýylyň başyndan bäri 100% ýokarlanyp, taryhda ilkinji gezek 8000 belgi çäginden geçdi....