NASA Tonganyň golaýynda wulkan atylmasyny atom bombasynyň partlamasy bilen deňeşdirdi

  • 25.01.2022 13:30
  • 17k+

Tonganyň golaýynda Ýuwaş ummanynda sunaminiň döremegine getiren Hunga-Tonga-Hunga-Haapaý suwasty wulkanynyň atylmagyndan ýetirilen zyýan häzire çenli çaklanyşyndan has uly zyýanlar ýetirdi. NASA-nyň hünärmenleriniň pikiriçe, Günorta Ýuwaş ummany sebitindäki tebigy hadysa Hirosima taşlanan atom bombasynyň partlamasyndan ýüzlerçe esse güýçli boldy diýip BBC News habar berýär.

Soňky barlaglaryň netijelerine görä, wulkan bilen adybir Hunga-Tonga-Hunga-Haapaý adasynyň aglaba bölegi Ýer ýüzünden ýegsan boldy diýen ýaly. Wulkan atylmasyna çenli ol iki sany adam aýak basmaýan adadan — Hunga-Tonga we Hunga-Haapaý adalaryndan ybaratdy. 2014-nji ýylda bu adalar wulkan täsirleşmesi netijesinde bir ada birikdi. Indi adany birleşdirýän aralyk dolulygyna ýumruldy, iki sany gadymy adadan bolsa kiçi bölekler galdy.
Ýuwaş ummanynda tebigy hadysadan adam ýaşaýan adalardan Tonga patyşalygynyň arhipelagy has köp zyýan çekdi. BMG-niň maglumatlaryna görä, bu tebigy hadysanyň täsirlerini adadaky döwletiň 80% ilaty duýdy. Üç adam aradan çykdy.

Tonganyň paýtagty Nukualofa 1,2 metrlik tolkun aralaşdy. Şäher ýaşaýjylary belentliklere çykyp halas boldular. Şäher hassahanasy tolkun bilen ýegsan boldy, halas edijiler meýdan hassahanasyny gurnadylar.
Ähli güýçler ýeke-täk halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagyny arassalamaga gönükdirildi.


30.04.2026 12:08
1.8k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......

10.04.2026 10:44
3.9k+

Hindistan kosmonawtlaryny Gimalaý daglarynda synagdan geçirýär

Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy (ISRO) Ladak sebitiniň belent daglyk ýerlerinde kosmonawtlaryň aşa agyr fiziki we psihologik şertlere uýgunlaşmagyny öwrenmäge gönükdirilen täze missiýasyna başlady....

03.04.2026 20:20
7.4k+

Saharadan gelen gyzgylt ümür Türkiýäniň günorta kenaryny gurşap aldy

Afrikadan gelen çäge tozany Türkiýäniň günorta sebitlerine-de baryp ýetdi. Bu tebigy hadysa sebäpli asman adaty bolmadyk mämişi reňke bürendi we birnäçe şäherlerde aralyklary görmek kynlaşdy diýip, Anadolu......