Berdimuhamedow Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi

  • 21.01.2022 08:08
  • 5552
Berdimuhamedow Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi

20-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitleri ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasyny içerki sarp edijilere we beýleki döwletlere ibermek bilen baglanyşykly wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda ýerleşýän, güýjenmesi 500 kilowolt bolan Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasyna bardy. Bu ýerde türkmen Lideriniň garamagyna ýurdumyzyň energoulgamynyň ösüşi, onuň düzümlerinde ýerine ýetirilýän işler we täze döredilýän kuwwatlyklar barada giňişleýin maglumat berýän taslamalar, olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary hödürlenildi. “Türkmenenergotaslama” institutynyň ýolbaşçysy W.Rahmanow ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmäge gönükdirilen kuwwatlyklaryň, güýjenmesi 500 kilowolt, uzynlygy bolsa 560 kilometr bolan Balkan — Daşoguz ugry boýunça howa elektrik geçirijisiniň şekil taslamalary barada hasabat berdi.

“Türkmenenergogurluşyk” konserniniň ýolbaşçysy N.Ataýew hünärmenler tarapyndan dürli güýjenmeli howa elektrik geçirijilerini we transformator beketlerini gurmagyň baý tejribesiniň toplanandygy barada aýdyp, güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik geçirijileriň we beketleriň, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy bolsa 421 kilometr bolan iki zynjyrly Ahal — Balkan, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy bolsa 380 kilometr bolan iki zynjyrly Ahal — Mary, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy bolsa 25 kilometr bolan iki zynjyrly Daşoguz — Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy ugry boýunça howa elektrik geçirijisiniň, şeýle hem Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynyň taslamalary, Serdar, Kaka, Tejen elektrik beketleriniň ugry boýunça howa elektrik geçiriji ulgamynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow halkalaýyn energoulgamyň ähli ugurlarynyň gurluşyk-gurnama işlerini ýokary hilli ýerine ýetirmek we olary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek wezipeleriniň möhümdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagyna, gurluşyklaryň degişli serişdeler we enjamlar bilen üpjünçiligine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.


şu gün 14:03
6350

Aşgabatda 11-nji dekabrynda «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahaty geçiriler

2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahaty geçiriler.  Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine degişli...

şu gün 13:48
5186

Dekabrda Awazada Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Liderleriniň gepleşikleri geçiriler

2022-nji ýylyň 13-14-nji dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň  döwlet Baştutanynlarynyň üçtaraplaýyn Sammiti geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti döwlet Baştutanlarynyň...

şu gün 10:08
16914

Türkmenistanda neşe serişdelerini ýakyp ýok etmek çäresi geçirildi

3-nji dekabrda Gökdepe etrabynyň çäginde Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçirilen ýörite çäreleriň dowamynda ele salnan neşe serişdelerini we bikanun ýol bilen getirilen temmäki önümlerini...

şu gün 09:57
9263

Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze merkezinde gurluşyk işlerini gözden geçirdi

3-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde iş maslahatyny geçirdi. Onda bu iri merkeziň birinji tapgyrynyň...