Berdimuhamedow Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi

  • 21.01.2022 08:08
  • 6.5k+

20-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitleri ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasyny içerki sarp edijilere we beýleki döwletlere ibermek bilen baglanyşykly wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda ýerleşýän, güýjenmesi 500 kilowolt bolan Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasyna bardy. Bu ýerde türkmen Lideriniň garamagyna ýurdumyzyň energoulgamynyň ösüşi, onuň düzümlerinde ýerine ýetirilýän işler we täze döredilýän kuwwatlyklar barada giňişleýin maglumat berýän taslamalar, olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary hödürlenildi. “Türkmenenergotaslama” institutynyň ýolbaşçysy W.Rahmanow ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmäge gönükdirilen kuwwatlyklaryň, güýjenmesi 500 kilowolt, uzynlygy bolsa 560 kilometr bolan Balkan — Daşoguz ugry boýunça howa elektrik geçirijisiniň şekil taslamalary barada hasabat berdi.

“Türkmenenergogurluşyk” konserniniň ýolbaşçysy N.Ataýew hünärmenler tarapyndan dürli güýjenmeli howa elektrik geçirijilerini we transformator beketlerini gurmagyň baý tejribesiniň toplanandygy barada aýdyp, güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik geçirijileriň we beketleriň, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy bolsa 421 kilometr bolan iki zynjyrly Ahal — Balkan, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy bolsa 380 kilometr bolan iki zynjyrly Ahal — Mary, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy bolsa 25 kilometr bolan iki zynjyrly Daşoguz — Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy ugry boýunça howa elektrik geçirijisiniň, şeýle hem Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynyň taslamalary, Serdar, Kaka, Tejen elektrik beketleriniň ugry boýunça howa elektrik geçiriji ulgamynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow halkalaýyn energoulgamyň ähli ugurlarynyň gurluşyk-gurnama işlerini ýokary hilli ýerine ýetirmek we olary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek wezipeleriniň möhümdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagyna, gurluşyklaryň degişli serişdeler we enjamlar bilen üpjünçiligine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 18:16
4.6k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......