«PSŽ» Mbappe 2024-nji ýyla çenli şertnama hödürleýär

  • 20.01.2022 23:18
  • 7.7k+

«PSŽ» bilen hüjümçi Kilian Mbappeniň arasyndaky täze şertnama bilen bagly gepleşikler barada maglumatlar belli boldy. 

ABC telewizion ulgamynyň maglumatlary boýunça, parižliler 23 ýaşly futbolça 2023-nji ýylda başga kluba geçmek mümkinçiligi bilen 2024-nji ýyla çenli şertnama teklip edýärler. “PSŽ-niň” prezidenti Nasser Al-Helaýfi Mbappeniň 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynda toparyň oýunçysy bolmagyny isleýär diýip, sports.ru habar berýär.

Kilian “Reala” tomusda erkin agent hökmünde geçmäge söz berdi. Eger ol “PSŽ-de” galsa, onda Madridiň klubundan täze teklip almaz. “Real” arkaýyn, ýöne indi gijikmäniň bolmagyna razy däl we Mbappe hem muny bilýär. “Madrid” Kilianyň pikirini üýtgetjekdigine ynanmaýar, ýöne oýunçy diňe bir “PSŽ” däl, eýsem maşgalasy tarapyndan hem basyşa sezewar bolýar. 

“Real” Mbappe bilen deslapky şertnamalar barada resmi gepleşikler başlanda, “PSŽ-ä” duýdurmaly. Hüjümçi “Madridden” Çempionlar ligasynyň 1/8 final oýunlaryna çenli hereket etmezligi sorady.

Şu möwsümde 23 ýaşly hüjümçi ähli ýaryşlarda “PSŽ” üçin 26 oýna gatnaşyp, 19 gol geçirdi we 12 netijeli geçirim etdi.


şu gün 16:18
2.4k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.8k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....