Netflix 2022-nji ýylda koreý dilinde 25-den gowrak wideokontent çykarmagy meýilleşdirýär

  • 20.01.2022 16:39
  • 4.4k+

Netflix platformasy 2022-nji ýylda koreý dilinde 25-den gowrak serial, şou we film çykarmagy meýilleşdirýär. Yonhap agentliginiň habar bermegine görä, bu striming hyzmaty üçin originalda günorta koreý taslamalarynyň rekord sanydyr. Muny TASS ýetirýär.

«Netflix koreý hekaýalarynyň üstünligini dowam etdirmegi maksat edinmek bilen, şu ýyl 25-den gowrak koreý filmini çykarar. Biz tomaşaçylaryň isleglerine laýyk gelýän eksklýuziw döredijilik wakalaryny we ýokary hili hödürläris» - diýip, agentlik Netflix-iň beýannamasynyň sözlerini getirýär.

2021-nji ýylda Netflix ulanyjylary koreý dilinde 20 sany täze wideoönümine tomaşa edip bildiler. Olaryň arasynda «Kalmar oýny», «Dowzahyň çagyryşy» we «Rahatlyk deňzi» ýaly meşhur seriallar bar. «Kalmar oýny» Netflix-iň iň üstünlikli serialy hökmünde taryha girdi. 17-nji sentýabrda çykandan soň ilkinji dört hepdede tomaşaçylar bu serialy görmek üçin 1,65 milliard sagatdan gowrak wagt sarp etdiler. Kartinada diri galmagyň gizlin oýny barada gürrüň berilýär, ýagny onda durmuşy kyn ýagdaýa düşen adamlar uly pul baýragyny almak üçin janlaryny howp astyna salýarlar.


15.06.2026 19:47
3.4k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

27.05.2026 00:21
4.1k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

15.05.2026 11:36
2.3k+

Netflix Adam Sendler bilen «Synpdaşlar-3» komediýasynyň üstünde işläp başlady

Netflix platformasy baş keşbi Adam Sendleriň ýerine ýetirmeginde meşhur «Synpdaşlar-3» komediýasyny çykarar. Täze filmiň tutumy barada Hollywood Reporter neşiri habar berdi....