Ronaldu FIFA-dan ýörite baýraga mynasyp boldy

  • 18.01.2022 12:31
  • 10k+

«Mançester Ýunaýtediň» we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu FIFA-dan The Best baýragynyň eýesi boldy.

Halkara futbol federasiýasy Ronaldunyň geçen ýyl gazanan üstünliklerini belläp geçdi: ol milli ýygyndy üçin gollar boýunça dünýä rekordyny täzeledi. 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň 4-nji tapgyrynda Irlandiýanyň derwezesine iki pökgini geçirip (2:1), Kriştianu 111 gol bilen Eýranyň milli ýygyndysynyň ozalky hüjümçisi Ali Daeiden (109) öňe geçdi.
Ýatlap geçsek, Ronaldu 2021-nji ýylyň jemi boýunça «Altyn top» üçin ses berişlikde altynjy boldy. Bu baýragy Lionel Messi aldy, onuň üçin baýrak hasap boýunça ýedinji boldy. Portugaliýaly oýunçy «Altyn topuň» bäş gezek eýesidir.
Angliýanyň premýer-ligasynyň häzirki ýaryşynda Ronaldu 16 oýna gatnaşyp, sekiz gol geçirdi.


düýn 23:41
800

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.5k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.6k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......