Samsung Galaxy S22 täze Gorilla Glass Victus+ gorag aýnasy bilen üpjün ediler

  • 16.01.2022 17:03
  • 14k+

Samsung-yň Galaxy S22 smartfonynyň ekranynyň goragy täze Gorilla Glass Victus+ gorag aýnasy bilen goralar. Bu barada itzine.ru habar berýär.

Smartfon öndürijileriniň köpüsi enjamlarynyň, esasanam flagştoklaryň displeýleri üçin ýeterlik goragy üpjün etmegi has möhüm hasaplaýarlar. Bu meselede kompaniýalara degişli bazarda iň oňat gorag aýnasy Gorilla Glass-y öndürýän Corning kömek edýär.
2020-nji ýylda çykan Gorilla Glass Victus bazardaky flagman smartfonlaryň köpüsiniň ekranlarynyň goragyny üpjün etdi. Indi Corning has çydamly aýnany - Gorilla Glass Victus+ aýnasyny çykarmaga taýynlanýar. Ol ilkinji bolup Samsung Galaxy S22 seriýaly smartfonlara ornaşdyrylar.
Samsung Galaxy S22-niň esasy smartfonynyň diňe öň tarapky goragy üpjün ediler. Smartfonyň S22 Ultra görnüşi bolsa hem öň tarapdan, hem arka tarapdan gorag aýnasyna eýe bolar.


24.02.2026 09:33
1.4k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

21.02.2026 10:19
2.7k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.7k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...

12.02.2026 11:38
6k+

Apple-yň yzyna eýerip, Samsung hem Galaxy S27-niň korpusyny we kamerasyny üýtgedýär

Samsung kompaniýasynyň häzirki strategiýasy köplenç Apple-yň ädimlerine esaslanýar. Meşhur insaýder Ice Universe-iň habar bermegine görä, Apple-yň girizýän islendik täzeçilligi derrew Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň meýilnamalaryna täsir edýär...