Ford-yň bazar kapitallaşdyrmasy ilkinji gezek 100 mlrd dollardan geçdi

  • 16.01.2022 16:49
  • 5.2k+

Ford kompaniýasynyň bazar kapitallaşdyrmasy ilkinji gezek 100 mlrd dollardan geçdi – 13-nji ýanwarda geçirilen söwdada onuň paýnamalarynyň bahasy 20 ýylda iň ýokary derejesine, ýagny bir kagyz üçin 25,87 dollara ýetdi. Awtoöndürijileriň arasynda bazar bahasy boýunça Ford indi dördünji orny eýeleýär – ondan öňde Tesla, Toyota we Volkswagen bar diýip, CNBC belleýär. Muny forbes.ru ýetirýär.

Kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 5,7% ýokarlanyp, bir kagyz üçin 25,87 dollara ýetdi. 13-nji ýanwardaky maglumatlar boýunça, awtokonserniň bazar bahasy 102 mlrd dollar boldy. Şeýle ösüşe Ford-yň elektromobilleriň, şol sanda Mustang Mach-E krossoweriniň we meşhur F-150 pikapynyň elektrik görnüşiniň önümçiligini artdyrmagy ýardam eden bolmagy mümkin. Olardan soňkusy şu ýazda bazara çykmaly.

EV-awtomobilleriniň önümçiliginiň artdyrylmagy kompaniýanyň özgeriş meýilnamasynyň bir bölegidir. Bu meýilnama kompaniýanyň baş direktory Jim Farli tarapyndan öňe sürüldi. Ol kompaniýa 2020-nji ýylyň oktýabrynda ýolbaşçy boldy. 

Ford 100 mlrd dollardan ýokary kapitallaşdyrma bilen General Motors-dan (bazar bahasy - $90 mlrd) we Rivian-dan ($75 mlrd) öňe geçdi. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa Tesla (1 trln dollardan gowrak), Toyota ($346 mlrd) we Volkswagen ($121 mlrd) kompaniýalaryndan yza galýar. Tesla-nyň kapitallaşdyrmasy geçen ýylyň oktýabr aýynda 1 trln dollardan geçdi we şol ýylyň dekabr aýynda ýene-de bu görkezijä gaýdyp geldi.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....