«Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny taýýarlanylýar

  • 15.01.2022 13:09
  • 8.5k+

14-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglylykda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Şeýle-de deputatlar täze kanunlary işläp taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam edýärler. Işlenip taýýarlanylýan kanunlaryň, resminamalaryň taslamalarynyň hatarynda “Itçilik we kinologiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy bar. Şeýle hem döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini ýokary derejede guramak boýunça işler alnyp barylýar, umumymilli forumy geçirmek boýunça degişli resminamalar işlenip taýýarlanyldy.


şu gün 00:03
2.3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.5k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......