Amazon özüniň ses kömekçisi Alexa-ny Aýa uçurar

  • 13.01.2022 16:09
  • 3.8k+

Amazon onlaýn dükany özüniň ses kömekçisi Alexa-ny Aýa uçurmagy meýilleşdirýär. Bu barada ferra.ru habar berýär.

NASA-nyň Space Launch System raketasynyň ilkinji uçurylyşynda bortda adam bolmaz. Muňa derek Hýuston uçuşlary dolandyryş merkezindäki operatorlar bilen Amazon Alexa tehnologiýasy aragatnaşyk saklar. Munuň özi, bir tarapdan, tehnologiýanyň tanyşdyrylyşyna hem öwrüler. 
Amazon Alexa-nyň wise-prezidenti Aaron Rubenson üçin Alexa-nyň missiýa goşulmagy juda möhümdir. Onuň aýtmagyna görä, Alexa - bu size gerek ýerde peýda bolýan we gerek däl wagty gaýyp bolýan, daş-töweregi gurşap alan intellekt düşünjesidir.
Lockheed Martin kompaniýasynyň ýolbaşçylygynda Amazon adaty ýaşaýyş otagyndan has galmagally kapsulada ses buýruklaryna has gowy jogap berip bilmegi üçin Alexa-nyň programma üpjünçiligini has gowulandyrdy diýip, çeşme habar berýär.


27.05.2026 15:30
1.7k+

«Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» serialynyň III möwsümi noýabrda çykar

Amazon MGM Studios kompaniýasy «Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» (Властелин колец: Кольца власти) serialynyň üçünji möwsüminiň 2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Prime Video platformasynda......

12.05.2026 14:49
4.4k+

Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler....

09.02.2026 07:35
783

Amazon emeli aňyň kömegi bilen kino edýän çykdajylaryny azaltmak isleýär

Amazon kompaniýasy filmleri döretmekde emeli aňy ulanmak arkaly önümçilik möhletlerini gysgaltmagy hem-de onuň bahasyny arzanlatmagy göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň nygtaýşy ýaly, elbetde täze tehnologiýa döredijilik hünärmenleriniň ornuny tutmaz, ýöne onuň has köp taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edip biljekdigine welin, bil baglamak mümkin...

02.02.2026 12:33
4k+

Gymmatbahaly «Melaniýa» tankyda garamazdan bahasyny ödeýär

«Melaniýa» ABŞ-da görkezilip başlanan ilkinji günlerinde girdeji boýunça dokumental filmleriň arasynda rekord goýdy. Kino prokata çykan ilkinji güni 2,9 million dollar toplady. Dynç günleriniň netijeleri boýunça bolsa bu girdeji 7 million dollardan aşdy...