Günorta Koreýa CES 2022-de 139 sany innowasiýa baýragyna mynasyp boldy

  • 13.01.2022 16:11
  • 6.3k+

Günorta Koreýanyň tehnologiýalary we önümleri Halkara sarp ediş elektronikasy sergisi bolan CES-2022-de 139 sany innowasiýa baýragyna mynasyp boldy. Bu barada world.kbs.co.kr habar berdi.

Koreýanyň Halkara Söwda Assosiasiýasynyň beren habaryna görä, 2020-nji we 2021-nji ýyllardaky rekord täzelendi. Şonda ýurt 101 baýraga mynasyp bolupdy. Günorta Koreýanyň 416 kompaniýasy geçen hepde Las Wegasda geçirilen iň uly maglumat tehnologiýasy we sarp ediş elektronikasy sergisine gatnaşdy. Şunuň özi hem rekord derejedir diýip, çeşme habar berýär. Şu ýyl sergide 27 ugur boýunça jemi 623 baýrak gowşuryldy. Baýraklaryň 27%-i saglygy goraýyş, sagdyn durmuş ýörelgesi, mobillik, durnukly ösüş we wirtual hakykat ugurlary boýunça berildi. Hususan-da, saglygy goraýyş we sagdyn durmuş ýörelgesi ugurlaryndaky täzelikler üçin berlen sylaglaryň sany, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, bäş esse artyp, şu ýyl 77-ä ýetdi.


düýn 18:51
2.9k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....