Nikol Kidman «Rikardo bolmak» filmindäki keşbi üçin «Altyn globusa» mynasyp boldy

  • 10.01.2022 23:42
  • 5.6k+

Aktrisa Nikol Kidman «Dramada iň gowy zenan roly» kategoriýasynda «Altyn globus» baýragyna mynasyp boldy. Baýragyň esaslandyryjysy — Golliwudyň daşary ýurt metbugatynyň assosiasiýasynyň twitter habarynda bellenilişi ýaly, aktrisa bu baýraga «Rikardo bolmak» filmindäki keşbi üçin mynasyp boldy diýip, gazeta.ru habar berýär.

Bu kategoriýada baýraga şeýle hem Jessika Çesteýn («Temmi Feýiň gözleri»), Ledi Gaga («Gucci öýi»), Oliwiýa Kolman («Nätanyş perzent» we Kristen Stýuart («Spenser») dalaş etdi.
Ýatlap geçsek, 2021-nji ýylyň fewralynda Los Angeles Times-yň žurnalistleri baýragyň guramaçylaryny jynsparazlykda aýyplapdylar, çünki HFPA-nyň 100-e golaý agzallarynyň arasynda ýekeje-de garaýagyz adam ýokdy. Netijede, HFPA agzalary eýýäm şu ýyl öz hataryna «garaýagyzaryň peýdasyna 20-den az bolmadyk agzany aljakdyklaryny» wada etdiler, şeýle hem baýrak bilen göni ýa gytaklaýyn baglanyşygy bolan kompaniýalardan we pudagyň anyk wekillerinden sowgat almaklygy gadagan etdiler.


06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

18.04.2025 00:50
9.3k+

Nýu-Ýorkly aşpez model bolup, Pariždäki moda hepdeliginde çykyş etdi

Nýu-Ýorkdan Scarr’s pizzeriýasynda işleýän aşpez Kristiano Wenmann garaşylmadyk ýagdaýda isleg bildirilýän model we Pariždäki moda hepdeliginiň gatnaşyjysy boldy. Onuň üstünliginiň wakasyny New York Post gürrüň berýär...

05.04.2024 15:06
11k+

Dolce & Gabbana binagärlik işine gatnaşýar: brend Maýamide 320 metrlik diňiň taslamasyny hödürledi

Italiýanyň Dolce & Gabbana brendi Maýamide gurulmagy meýilleşdirilýän ilkinji ýaşaýyş diňiniň taslamasyny hödürledi. Binanyň dizaýny Nýu-Ýorkyň Studio Sofield binagärlik studiýasy bilen hyzmatdaşlykda taýýarlandy...

26.02.2024 14:38
14k+

ABŞ-nyň Kinoaktýorlar gildiýasy: “Oppengeýmeriň” hasabyna ýene bir baýrak goşuldy

Kristofer Nolanyň “Oppengeýmer” filmi ABŞ-nyň Kinoaktýorlar gildiýasynyň baýragyna mynasyp boldy. Bu barada baýragyň saýtyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Filmde amerikaly fizik Robert Oppengeýmeriň keşbini...