Nowak Jokowiç Awstraliýanyň häkimiýetleri bilen kazyýet işine taýýarlanýar

  • 10.01.2022 17:03
  • 4.8k+

Duşenbe güni Awstraliýanyň kazyýeti dünýäniň ilkinji raketkasy Nowak Jokowiçiň ýurda girmegine gadaganlygyň kanunalaýyklygyna sereder. Hökümet kazyýet işiniň soňa goýulmagyny isledi, ýöne kazyýet onuň çalt çözülmeginiň tarapdary boldy. Bu barada ru.euronews.com habar berýär. 

Tennisçi penşenbe gününden, ýagny serhet gullugy onuň wizasynda ýalňyşlygy ýüze çykarany bäri deportasiýa garaşýan adamlar üçin myhmanhanada bolýar. Türgen Awstraliýanyň Açyk çempionatyna gatnaşmak üçin geldi. Ol koronawirusa garşy resminamany görkezmekden boýun gaçyrandygyna garamazdan ýaryşa goýberildi. Jokowiçiň özi sanjymdan lukmançylyk taýdan çekilendigi barada şahadatnamasynyň bardygyny düşündirdi. Häzir bolsa ol dekabr aýynda COVID-19-y başdan geçirendigini aýtdy.

Serbiýaly tennisçiniň aklawçylary Awstraliýanyň häkimiýetleriniň ony ýurda goýbermezlige hiç hili esasynyň ýokdugyny belleýärler. Olar, hususan-da, IIM-iň Jokowiçiň giriş üçin ähli zerur şertleri ýerine ýetirendigi baradaky hatyna salgylanýarlar.

Hökümet COVID-19-y geçirenden soň sanjym almazdan Awstraliýa diňe wekilleriň girip bilýändigini belleýär. Wiza ýatyryldy, tennis boýunça Açyk çempionatyň bir hepdeden başlanýan ýeri bolan Wiktoriýa ştaty bolsa türgeniň resminamalary gaýtadan düzetmek baradaky haýyşyny goldamakdan ýüz öwürdi. 


08.06.2026 12:41
2k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....