Ýer titreme netijesinde Beýik Hytaý diwarynyň bir bölegi ýumruldy

  • 10.01.2022 15:09
  • 22k+

Beýik Hytaý diwarynyň uzynlygy iki metre golaý uly bolmadyk bölegi Sinhaý welaýatynda şenbe güni bolup geçen ýer titreme zerarly ýumruldy. Bu barada RIA Nowosti agentligi Global Times-e salgylanyp habar berýär.

«Ýer titremäniň epimerkezinden 114 kilometrlikde ýerleşýän demirgazyk-günbatar Gansu welaýatynyň Şandan uezdinde Beýik Hytaý diwarynyň iki metri ýumruldy» — diýlip, neşiriň habarynda aýdylýar.

Ýer titremeden soň, häkimiýetler medeni ýadygärlikleri gözden geçirdiler we diwaryň ýumrulan ýerini ýüze çykardylar. Bellenilişi ýaly, ýerasty tolkunlar Min Imperiýasynyň hereket eden döwrüne gabat gelýän bölegine zyýan ýetiripdir (1368-1644-nji ýyllar).
Hünärmenler zerur bolan direglerleri oturtdylar we abatlaýyş-dikeldiş işlerine başladylar.
Ýewropa-Ortaýerdeňiz seýsmologiýa merkeziniň (EMSC) maglumatyna görä, ýer titremäniň magnitudasy 6,3 bal bolupdyr. Ýerli hünärmenler magnituda 6,9 bala barabar boldy diýip hasaplaýarlar.
Ýer titreme az ilatly nokatda bolup geçse-de, yrgyldylar käbir iri şäherlerde hem duýuldy. Ýer titreme netijesinde 9 adam şikes aldy, olaryň 8-si hassahanadan çykaryldy.


27.06.2026 20:17
6.6k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.7k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.8k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......