Apple Tim Kukuň 2021-nji ýyldaky zähmet hakyny, uçuşlary we goragy üçin çykdajylary mälim etdi

  • 09.01.2022 22:56
  • 7.2k+

Apple ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we birža komissiýasyna beren resminamasynda Tim Kukuň zähmet hakyny, onuň uçuşlary we goragy üçin çykdajylary mälim etdi. Bu barada www.iphones.ru habar berýär.

2021-nji ýylda Kukuň zähmet haky 3 mln dollar boldy. Mundan başga-da, ol maliýe meýilnamasynyň ýerine ýetirilendigi üçin 10,7 mln dollar we “beýleki” öwezini dolma hökmünde 1,38 mln dollar aldy. 
Şeýle-de, Apple-iň müdirler geňeşi baş direktora aksiýa görnüşinde 82 mln dollar töledi. Şeýlelik bilen, 2021-nji ýylda Kuk 98,7 mln dollar gazandy.
Kompaniýa aýlykdan başga-da, Kukuň goragy we hususy uçarda uçuşlary üçin ähli çykdajylaryň öwezini dolýar. Apple-iň müdirler geňeşi 2017-nji ýylda howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen hususy uçaryň ulanylmagyny zerur diýip hasaplady.
2021-nji ýylda Apple Kukuň uçuşlaryna 712 müň dollar sarp etdi. Onuň goragy üçin bolsa kompaniýa 630 müň dollar harçlady. 


02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......