Dünýäde azyk önümleriniň bahasy ýylyň dowamynda 30%-e golaý ýokarlandy

  • 07.01.2022 18:01
  • 8.5k+

2021-nji ýylyň jemi boýunça FAO-nyň azyk bahalarynyň ortaça indeks derejesi 125,7 punkt boldy – bu 2020-nji ýylyň görkezijilerinden 28,1% ýokarydyr. Bu barada BMG-niň Azyk we Oba hojalygy guramasy – FAO habar berýär diýip, Day.Az belleýär.

“Adaty şertlerde ýokary bahalar önümçiligiň möçberiniň artmagyna getirýär, ýöne çykarylýan serişdeleriň bahalarynyň ýokarlanmagy, dowam edýän global pandemiýa we garaşylmadyk howa şertleri 2022-nji ýylda bazardaky ýagdaýyň durnuklaşmagyna az umyt döredýär” – diýip, FAO-nyň uly ykdysatçysy Abdulreza Abbassýan aýtdy.

2021-nji ýylyň jemi boýunça FAO-nyň däneli ekinler üçin baha indeksiniň ortaça derejesi 2012-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi we geçen ýylyň görkezijisinden 27,2% ýokary boldy: mekgejöweniň bahasy 44,1%, bugdaýyň bahasy 31,3% ýokarlandy, şol bir wagtyň özünde tüwiniň bahasy 4,0% arzanlady.

Şeýle-de, 2021-nji ýylyň jemi boýunça FAO-nyň ösümlik ýagy üçin baha indeksiniň ortaça derejesi 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 65,8% ýokarlanyp, iň ýokary derejä ýetdi. 

2021-nji ýylda FAO-nyň şeker üçin baha indeksi 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 29,8% ýokarlandy, bu hem 2016-njy ýyldan bäri iň ýokary ortaça ýyllyk görkezijidir. 2021-nji ýylyň jemi boýunça FAO-nyň et üçin baha indeksiniň ortaça derejesi 2020-nji ýyla garanyňda 12,7% ýokary boldy. Süýt önümleri üçin baha indeksiniň ortaça derejesi 2020-nji ýyldaky derejeden 16,9% ýokary boldy.


26.02.2026 12:29
9.7k+

Dünýäde iň köp ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň reýtingi düzüldi

Dünýäde şeker çiňriginiň ýygnalyşy tas iki milliard tonna ýetdi, bu bolsa ony planetanyň iň köp öndürilýän oba hojalyk ekini edýär diýlip, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) habarynda aýdylýar. Guramanyň 2024-nji ýyl üçin statistiki maglumatlaryna görä, bu ekiniň ýyllyk önümçilik göwrümi 1,94 milliard tonna deňdir...

20.02.2026 17:07
1k+

Rimde Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Rim şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, FAO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili T...

05.02.2026 23:01
1.9k+

Türkmenistanyň DIM-inde FAO bilen hyzmatdaşlygyň netijeleri we meýilnamalary maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy...

23.01.2026 11:22
869

Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin bilen duşuşyk geçirdi. Myhman şu ýylyň 20 – 23-nji ýanwary aralygynda geçirilýän ýokary derejedäki SPECA hepdeliginiň çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär...