Berdimuhamedow diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli HHR-iň ilçisi bilen duşuşdy

  • 06.01.2022 23:09
  • 5.1k+

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň ilçisine Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi mynasybetli HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň adyna ýazan hatyny gowşurdy.

Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda resmi taýdan ýola goýuldy. Öz gezeginde, HHR-iň ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň ähli türkmen halkyna parahatçylyk, durnuklylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan eden gutlag hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň barşynda şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Baştutany deňhukuklylyk, özara bähbitli, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklaryň halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlyk bilen üstüniň ýetirilýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we HHR-iň uly Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana berk jan-saglyk, abadançylyk we üstünlik hem-de Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.


düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......