Jokowiç Australian Open ýaryşyna sanjym şahadatnamasyz hem gatnaşar

  • 05.01.2022 18:13
  • 4.4k+

Dünýäniň ilkinji raketkasy Nowak Jokowiç Australian Open ýaryşyna gatnaşmak üçin hökmany sanjym talaplaryndan sowlup geçmegi başardy. Bu barada Euronews habar berdi.

Ýaryşy guraýjylar serbiýaly tennisçiniň arzasyny onuň sanjymynyň lukmançylyk taýdan ret edilendigi baradaky şahadatnama bilen bilelikde kabul etdi. Resminamalaryň iki sany garaşsyz komissiýa tarapyndan gözden geçirilendigi nygtalýar.
Jokowiçiň özi howa menzilinden gowy dynç alyp, ýakynlary bilen ajaýyp wagt geçireninden soň Awstraliýa gidip barýandygy baradaky ýazgy bilen surat ýerleşdirdi.
Nowak Jokowiç sanjym almaga mejbur etmek pikirini birnäçe gezek tankytlapdy. Tennisçi 2020-nji ýylda: "Özüm sanjym edilmegine garşy, kimdir biriniň dünýäni aýlanyp bilmegi üçin sanjym almaga mejbur edilmegini islemeýärin" - diýip belläpdi. 
Awstraliýadaky ýaryşy guraýjylar sanjym edilmedik türgenlere ýaryşa kabul etmezlik bilen haýbat atdylar, ýöne ahyrynda lukmançylyk taýdan degerli sebäpler bilen sanjym alyp bilmeýänler üçin kadadan çykma yglan etmäge mejbur boldular.


08.06.2026 12:41
2k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....