Ýaponiýa ilkinji agaç hemrany kosmosa uçurmaga şu ýyl taýýarlanyp başlar

  • 05.01.2022 18:23
  • 7.3k+

Ýaponiýa dünýäde ilkinji agaç hemrasynyň kosmosa uçurylmagyna 2022-nji ýylda, ýagny şu ýyl taýynlyk görüp başlar. Bu barada ýurduň Kyodo habar gullugyna salgylanyp, lenta.ru habar berýär.

Agaçdan ýasalan emeli hemrany uçurmazdan ozal, inženerler materialyň açyk kosmosdaky häsiýetlerini we çydamlylygyny öwrenmeli bolarlar. Munuň üçin fewral aýynda ýapon astronawty Halkara kosmos stansiýasynyň barlag modulynyň daşyna magnoliýa, dag sakurasy, ýamadzakura we daş berýozasy ýaly agaçlaryň nusgalaryny berkider.
Nusgalar kosmosda dokuz aý bolarlar, soň bolsa alymlar maglumatlary seljererip, emeli hemranyň haýsy agaçdan ýasaljakdygyny kesgitlärler. Hemrany 2023-nji ýylda uçurmak meýilleşdirilýär.


27.05.2026 15:35
3.6k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....

21.05.2026 12:07
3.3k+

Genetikler ýaponlaryň gelip çykyşynyň täze şahasyny tapdylar

Ýaponiýanyň RIKEN institutynyň alymlary ýurduň ilatynyň iň uly göwrümli genom seljermesini geçirip, häzirki zaman ýaponlarynyň ozal çaklanylyşy ýaly iki däl-de, eýsem üç sany nesil toparyndan gelip çykandygy......

04.05.2026 12:04
4.1k+

Ählumumy maglumat merkezleriniň gurluşygynyň şowhuny serişdelere düşýän agramy artdyrýar

Dünýäniň maglumat merkezleriniň infrastrukturasy çalt depginde giňelýär, bu bolsa gurluşykda iň uly şowhunlaryň birini döredýär we energiýa we suw serişdelerine düşýän agramy artdyrýar....

01.05.2026 16:09
2.1k+

GPT-5.2 Tokio we Kioto uniwersitetleriniň giriş synaglaryny adamlardan has gowy tabşyrdy

GPT-5.2 neýroulgamy Tokionyň we Kiotonyň uniwersitetlerine giriş synaglarynda dalaşgärlerden has ýokary netijeleri görkezdi. Bu synagy LifePrompt kompaniýasy geçirdi....