Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki çylşyrymly ýagdaý baradaky habary ret etdi

  • 04.01.2022 20:23
  • 33k+

Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasy käbir daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň türkmen-owgan serhedinde çylşyrymly ýagdaýyň emele gelendigi barada galp maglumatlaryny ret etdi.

– Käbir habar beriş serişdelerinde türkmen-owgan serhedindäki ýagdaý barada tassyklanylmadyk hem-de hakykata laýyk gelmeýän maglumatlar peýda boldy. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, Owganystan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny dowam edýär, türkmen-owgan serhedi bolsa dostluk serhedidir — diýlip ilçihananyň metbugat merkeziniň beýanatynda aýdylýar.

Owganystanyň DIM-niň wekili Abdul Kahar Balhi hem serhetde çylşyrymly ýagdaýyň ýüze çykandygy baradaky maglumaty ret etdi.

–Biziň we goňşy döwletimiz Türkmenistanyň arasynda hiç hili mesele ýok. Biz dostlukly döwletler we dünýäniň ähli döwletleri bilen diplomatik hem-de dostlukly gatnaşyklary dowam etmek isleýäris — diýip, Balhi Twitter sahypasynda ýazdy.


düýn 18:54
3.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......